Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şol sanda söz ussatlarynyň ömri-döredijiligini we edebi mirasyny toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda häzirki günlerde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda uly dabara bilen belleniljek 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli welaýatymyzyň çäginde guralýan dabaraly çäreler şygyrlarynda özbaşdak we özygtyýarly döwletiň arzuwyny beýan eden beýik şahyrymyza goýulýan uly sylag-sarpa şaýatlyk edýär.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher Geňeşleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşyk, diýseň täsirli bolup, oňa welaýat kitaphanasynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri, şahyrlar we ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ussadyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde belent adamkärçilik, watançylyk, mertlik ýaly häsiýetleriň beýan edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap şahyrlaryň ýazan goşgulary uly joşgun bilen diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar beýik şahsyýetlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Hekim GELENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.