Durmuşymyzyň manyly, ýaşaýşymyzyň ýagty bolmagynda kitaplaryň orny uludyr. Akyldarlar kitaplar barada şeýle diýýärler: «Elinde gowy kitaby bar adam hiç haçan ýalňyz bolmaýar», «Kitap adamyň öňünde görülmedik dünýäni açar».
Kitaplar barada söz açanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplary hakynda ýürek buýsanjyňy beýan edesiň gelýär. Sebäbi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna sowgat edýän kitaplary ruhy baýlygymyzyň egsilmez çeşmesine öwrülýär.
Kitabyň gymmatyna düşünýän Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat beren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bu gün bagtyýar halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüldi. Çünki, bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolmak bilen, bu eserde ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýol-ýörelgelerimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň orny we ähmiýeti täsirli açylyp görkezilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän bu kitabyň sahypalaryndaky parasata ýugrulan jümleler ýüreklerde baky orun alýar. Täze eserde şeýle setirler bar: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr. Bu saçagyň duzundan dadan her kimse ata-babalaryň arzuwyna, ene-mamalaryň hüwdüsine, aga-inileriň yhlasyna siňen, ömrüň dürli menzillerinde nesil terbiýesine gerekli bolan ähmiýetli maglumatlary okap, öwrenip biler.» Görşümiz ýaly, şu setirlerde ynsan ömrüniň manysy, edep-terbiýäniň ähmiýeti dogrusynda çuňňur many-mazmun bar. Şeýle-de, bu ajaýyp kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar giňişleýin beýan edilýär.
Bir söz bilen aýdanymyzda, akyl-paýhas gudratyny, Watana, halka bolan belent söýgüni özünde jemlän Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz, ylaýta-da ýaşlarymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç bolup hyzmat etjek gymmatly gollanmadyr.
Goý, şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet galamy ýiti bolsun! «Ömrümiň manysynyň dowamaty» dowam bolsun!
Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.