MILLI MIRAS — EBEDI MIRAS

     Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri özüniň zähmetsöýerligi, janypkeşligi, oýlap tapyjylygy bilen gün-güzeranyny dolandyrypdyr. Ekin ekmek, öý-hojalyk işleri bilen meşgullanmak her bir maşgala mahsus bolupdyr. Döwrüň, tehnologiýanyň ösendigine garamazdan käbir maşgalalarda häli-entägim gadymy maşgala düzgünlerini dowam etdirýändigini bolmagy, bu milli mirasymyzyň öz ähmiýetini hiç bir döwürde-de ýitirmändigine şaýatlyk edýär. Köýtendagyň eteginde ýerleşýän Hojaýpil, Saýat, Köýten, Bazardepe, Garlyk, Hojak, Künjek ýaly gadymy obalarda ýaşan çarwa halkyň bir topary, oturymly ýaşaýşa geçip, ekin ekipdirler. Ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bugdaýy, ak jöweni ýörite maşgalalarda taýýarlanylan agaç sokyda döwüpdirler. Ene-mamalarymyz we gelin-gyzlarymyz arassalanyp döwlen şol bugdaýdan ýarma bişirip, jöwenden bolsa köje taýýarlapdyrlar.

     Agaç sokularda işlemek örän amatly bolupdyr. Sokular berk agaçlardan ýasalypdyr, olary ýasamak üçin bolsa esasan tut, hoz, erik agaçlary ulanylypdyr. Dik durup işlenilýän sokularyň soky daşyny hem berk agaç şahalaryndan edinipdirler. Onuň beýikligi 60-80 santimetre çenli uzynlykda bolupdyr we ortasyndan eliň bilen tutar ýaly edilip aýratyn ýer goýlupdyr.

     Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda käbir maşgalalarda häli-häzirler hem bugdaýy döwüp, milli nahary ýarma bişirilýär. Ene-mamalarymyz munuň ynsan saglygy üçin birnäçe peýdaly häsiýetleriniň hem bardygyny nygtaýarlar. Şonuň ýaly-da bu işleriň ýaşlary ýetişdirmekde terbiýeçilik häsiýetleriniň hem bardygyny ýatlamak gerek. Köýtendag etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolsa irki döwre degişli bolan agaç sokularynyň birnäçe görnüşleri saklanylýar. Ýaşlarymyz muzeýe syýahat edip, bu gadymy agaç sokulara uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler, olar biziň gadymy senetçiligimiziň taryhyny içgin öwrenýärler.

     Gadymy medeni mirasymyzy öwrenmekde, ol gymmatlyklarymyzy halka ýetirmekde uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gülşirin MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR