WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Türkmeniň ruhy-ahlak, ynsanperwerlik häsiýetlerine ýugrulyp, döredilen milli gymmatlyklarymyz, Watany, keremli topragy, ata-enäni söýmek, goňşuçylyk we garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, agzybirligi berkitmek, hatyra edebini saklamak ýaly milli däp-dessurlarymyz türkmen halkynyň dünýä ýüzündäki mertebesini, at-abraýyny has-da beýgeldýär. Halkymyzyň hut şu milli ruhy ahlak binýady nesiller üçin hem mukaddesdir. Şol mukaddeslikler ýaşlary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Ýaş nesillerde taryhymyza, onda gurlan beýik döwletlere, ata-babalarymyzyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerde görkezen edermenliklerine, batyrlyklaryna, milli mirasymyza, maddy we medeni ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza söýgi döretmek bolsa biziň baş wezipämizdir. Watana wepaly bolmak, halk bähbidi üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrülmelidir.

     Ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň, Saýat etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen terbiýeçilik ähmiýetli maslahat hem ýaşlary millilik we ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge bagyşlandy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze maksatlar» diýen at bilen guralan bu maslahat Türkmenistanda ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň kabul edilip, ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, berkarar jemgyýeti gurmak boýunça öňde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, halkyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler baradaky çykyşlara baý boldy. Maslahatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, polisiýanyň ýerli wekilleriniň, Saýat etrabynyň ýaşulularynyň, kümüş saçly eneleriň çykyşlary diňlenildi. Maslahatda ynsan saglygyny goramak, nesilleriň bagtyýarlygyny üpjün etmek, jemgyýetimizde milli ýörelgelerimizi we däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek ugrunda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

     Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň has-da gowulanmagy, olaryň erkinliginiň, saglygynyň goralmagy üçin ýurdumyzda ähli döwrebap şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri öz halkyna peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR