Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Tebigat bu adam üçin nämäni aňladýar? Bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir, çünki adam tebigy serişdelerden-nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar, egin-eşik, döwrebap tehnikalar öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat-bu durmuşyň özenidir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi ilata we ilkinji nobatda ýaşlara ekologiýa babatda aň-bilim bermek bolup durýar.
Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasyny amala aşyrylýar.
Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär. Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasy girizildi.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.