Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Tagan Baýramdurdyýew obasynyň sport mekdebinde etrabymyzda spordyň dürli görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiziň gatnaşmagynda sport bäsleşigi geçirildi. Ir säher bilen geçen bu bäsleşik çekeleşikli we gyzgalaňly bolup,.onda ýeňil atletika, futbol we woleýbol oýnamak boýunça bäslediler. Bu bäsleşikde ussat ýaş türgenlerimiz öňe saýlandylar. Sport bäsleşikleriň geçirilmegi bolsa ýaşlaryň sporda bolan höwesini barha artdyrýar, beden taýdan sagdyn, maksada okgunly, ruhubelent sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleri diýseň çäksizdir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda ýaş nesillermiziň kämil sport tälimlerini almak ugrynda sport mekdepleri gurulyp ulanylmaga berilýär. Mälim bolşy ýaly Gökdepe etrabynyň Tagan Baýramdurdyýew obasyndaky sport mekdebinde hem sportuň dürli görnüşlerinde ýagny woleýbol, futbol, basketbol başgada sportuň agyr atletika, ýeňil atletika görnüşlerinde tälim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent bolmagymyz ugrunda edýän taýsyz atalyk aladalaryna diýseň begenýäris, buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mundan beýläkde il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.