NIREDEDIGIŇI BILMELI

     Segsen ýaşy arka atan bir gojanyň tanyş-bilşi juda köpmüşin. Garranlygyna garamazdan, ol kim myhmançylyga çagyrsa, göwnüni ýykmajak bolup, gider eken. Kä wagt on ýere dagy barmaly bolaýýan eken. Biriniňkide myhmançylykda otyrka ondan ýene näçe ýere barmalydygyny sorapdyrlar. Ol elindäki bellikli kagyzyndan gözüni aýyrman oturyşyna:

     — Alty — diýip jogap beripdir.

     — Näme gözleýäňiz?! Indi nirä barmalydygyňyzy biljek bolýaňyzmy? — diýip ondan sorapdyrlar.

     — Ýok, şu wagt nirede oturanlygymy ýadyma saljak bolýan — diýip, goja göwünli-göwünsiz jogap beripdir.

     Barjak ýeriňi bilmek zerur, ýöne hut şu pursat nirededigiňi bilmek has zerur.

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Öňki makala

SIZ NÄÇE ÝAŞYŇYZDA?

Indiki makala

ÝAGYŞ

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR