ÝAGYŞ

     Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.

     «Ýeri, meniň bu ýere ýagmagymyň hajaty nämekä? Mensizem bärsiniň suwy ýetik ahyry! Men Ýaradanyň emri bilen, çöllüklere ýa-da tokaýlaryň alawlap ýanýan ýerine inderilsem, gowy bolardy-da» diýip, ýagmyr alasarmyk halda oýlanypdyr.

     Uzakda, aňyrsyna göz ýetmeýän deňziň orruk-ortasynda bolsa gämi heläkçiliginden gudrat bilen aman galan adamlar sal üstünde ysgyn-mydarsyz ýatan ekenler.

     Olar teşnelikden ýaňa guran dodaklary bilen tenekar bolup inýän ýagyş damjalaryny — gyzyldan has gymmatly bolan süýji suwy tutup, kenara çykyp, halas bolýançalar ýeter ýaly, toplamaga çalyşýar ekenler.

     Şeýle-de olar ýagmyr ýagdyryp, teşnelikden ýaňa ölüp galmakdan halas eden Biribara irginsiz alkyş aýdýar ekenler.

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR