GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMÜŇ MANYSY” ESERINDEN

     Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler. Ata-eneleriň öz çagalarynyň hünärleri saýlamaklaryna garaýyşlary bilen gyzyklanmalydyrlar. Soňra bu ugurdaky işler mekdeplerde dowam etdirilmelidir. Munuň şeýle bolmagy üçin biziň terbiýeçilerimizde we mugallymlarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Biz şol mümkinçilikleri ýene-de kämilleşdirýäris, giňeldýäris. Iň esasy zat: maksatlarymyz aýdyňdyr, hünärli nesillerimizi ýetişdirmek, olary öz zehinleri, başarnyklary, isleg-höwesleri boýunça hünärlere ugrukdyrmak, şular esasynda mekdepden soňky ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almaga ugrukdyrmak mugallymlaryň öňündäki möhüm wezipelerdendir. Hakykatda, çagany hünäre ugrukdyrmak onuň terbiýesiniň has irki döwründen, ene hüwdüsinden başlanýandyr. Ene hüwdüsi – bu çaga üçin dogadyr. Ene hüwdüsi – bu perzendiň il-halkyny söýýän, sylagly, ýagşy görüm-göreldeli, ýagşy ýörelgeli, ajap hünärli adam bolup ýetişmegi baradaky ilkinji «sapaklardyr». Heniz mana düşmeýän diýilýän we dil çykarmadyk körpe şol ýagdaýda hem ene hüwdüsinden dünýäniň manysyny aňýandyr. Terbiýäniň esaslary hut şundan başlanýar! Görnüşi ýaly, ogul-gyzyň hünärleri dogry saýlamagynda, şol hünärler boýunça bilim almagynda, özüni kämilleşdirmeginde maşgala ilkinji orun degişlidir. Bu babatda ata-eneleriň öňünde örän jogapkärçilikli hem mukaddes wezipe durýar. Men «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabymda-da bu barada söz açypdym, hünärlere bolan höwesiň maşgalada döredilmeginiň zerurdygy hakynda aýdypdym. «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabymda bolsa kakamyň söhbetleri barada söz açypdym we hünär saýlap almagymda kakamyň şol söhbetleriniň ähmiýetiniň uly bolandygy barada belläpdim. Hünär meselesi – adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr. Munuň özi biziň umumy ýol-ýörelgelerimiziň, diýmek, hatda ynam-ygtykadymyzyň berkligi bilenem baglanyşyp gidýär. Bir zady göwnüňe berk düwseň, zehiniňe ýugrup, akylly-başly zähmet çekseň, maksatly ýollarda abraýly menzillere ýetip bolýandygy, nesilleri hünärlere ugrukdyrmakda, düşünjeli we giň gözýetimli adamlar edip ýetişdirmekde bilim-terbiýe ojaklaryna, ata-enelere juda uly jogapkärçiligiň düşýändigi bilen baglanyşykly ýene bir mysal getireýin.

Öňki makala

ÝAGYŞ

Indiki makala

JARÇY

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 0 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 18 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE

28 Iýun 2024 | 77 okalan

ÝOLBARS HEM IT