GURLUŞYK IŞLERINDE MILLILIK WE ÝOKARY HIL SAZLAŞMALYDYR

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

Bilşimiz ýaly, Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegi, şol sanda şäheriň abadanlaşdyrylmagy, amatly ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekýär. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmagy munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle hem milli Liderimiz baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.

«Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy»

Irden paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde hormatly Prezidentimiz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi. Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän 30 ite niýetlenen Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamalary bar. Döwlet Baştutanymyz Tohumçylyk merkeziniň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Merkeziň baş maksady arassa ganly alabaý itlerini köpeltmekden, rowaýata öwrülen alabaýlaryň tohumyny, onuň ähmiýetli häsiýet aýratynlyklaryny saklamakdan ybarat bolup durýar.

«Geçmişden janly ýadygär!»

Bu ýerde hormatly Prezidentimize alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Olary merkezi girelgede hem-de toplumyň çäklerinde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem milli Liderimize türkmen alabaý itleriniň arasynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançanyň baş meýilnamasy hem-de onuň çäklerinde ýerleşjek desgalaryň taslamalary görkezildi. Alabaýlaryň müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly ýoldaşlary, kömekçileri hem-de dostlary, hemişe edermenligiň we çäksiz wepadarlygyň nusgasy bolandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz taslamalar babatda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygyna hem-de assosiasiýanyň başlygynyň orunbasaryna öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge degişli tabşyryklary berdi.

«Altyn köl» — döwrebap dynç alşyň altyn derejesi

Iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wisepremýer täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalary görkezip, olaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, özboluşly binagärlik çözgüdi bolan, bezeg aýratynlyklary, gurluşy boýunça tapawutlanýan hem-de ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej toplumlarynyň taslamalary taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, dynç alýanlar üçin amatly iki gatly kottej jaýlary, çagalar we sport meýdançalary, açyk ýüzüş howuzlary, akwaparklar we beýleki desgalar gurlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde edara ediş binasynyň, lukmançylyk we söwda-dynç alyş merkezleriniň, beýleki degişli desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

17-nji tapgyrdaky desgalar we Aşgabat-siti: binagärlik çözgütlerde sazlaşyk

Taslamalar babatda birnäçe anyk bellikleri aýdyp, degişli düzedişleri girizip, milli Liderimiz zerur bolan gurluşyk serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň uzak möhletleýinligini, berkligini, ekologiýa we gözellik ýagdaýyny nazara alyp, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz gök zolaklar we seýilgähler döredilende ýerli aýratynlyklary göz öňünde tutmak, tebigy bezeg serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda degişli wise-premýere, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, «Altyn kölüň» kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän «Altyn köl» döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, milli Liderimiz munuň bilen baglanyşykly meseleler babatda düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.

Maslahatlar merkeziniň gurluşyk işleri güýçli depginde

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Ol ýerde desganyň potratçysy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, otaglaryň bezeg işleriniň taslamalaryny görkezdi. Taslamalar bilen tanşyp, milli Liderimiz binalaryň içki bezeglerinde öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ulanmagyň, milli bezeg işleriniň hem-de bu ugurda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagyna üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Binanyň gurluşygy we içki bezegi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz maslahatlary hem-de giňişleýin mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen zala baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz bu ýerde möhüm çäreleri geçirmäge, olara gatnaşyjylaryň netijeli işlemegine oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Täze inžener-konstruktorçylyk, dizaýnerçilik çözgütleri işjeň peýdalanylmaly

Soňra döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezine geldi. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Işleriň ýagdaýy we depginleri bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilende, bu ulgamdaky öňdebaryjy gazananlary, täze inžener-konstruktorçylyk, dizaýnerçilik çözgütlerini işjeň peýdalanmagyň, ýokary hilli gurluşyk, bezeg hem-de beýleki serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Ýanaşyk ýerleriň degişli derejede abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz täze inženerçilik desgasynyň şäheriň bu böleginiň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Diwan» myhmanhanasy — türkmen myhmansöýerliginiň nusgasy

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze «Diwan» myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Myhmanhananyň binasynyň gurluşygynda işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz dürli hünär ugurly düzümleýin taslamalaryň taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine innowasion çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.

Iş saparynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýtdy hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

29.08.2020ý.