MANYLY ÖMÜRDEN BELENT SERPAÝ

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseriniň elimize gowuşmagy kalplara ylham nuruny paýlady. Milli Liderimiziň çuň manyly ömür ýolundan, baý iş tejribesinden, döwleti dolandyrmakdaky tutumly başlangyçlaryndan söz açýan çuňňur mazmunly bu kitaby halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Watandaşlarymyzda uly seslenme döreden bu buýsançly waka mynasybetli şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde dabaraly maslahatlara, medeni çärelere giň gerim berilýär. Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde «Manyly ömürden belent serpaý» diýen at bilen guralan aýdym-sazly baýramçylyk çäresi hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, gymmatly hazynalar toplumyna baý bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň elimize gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly enelerimiz, bilim, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlarda täze kitabyň Milli Liderimiziň beýleki eserleri ýaly hemmämiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma öwrüljekdigi nygtaldy. Bilşimiz ýaly, bu täze neşir Gahryman Arkadagymyzyň durmuşda dogry ýoly tapmak, manyly ömür sürmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak ýaly milli ýol-ýörelgelerimiz barada söz açýan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamatydyr.

     Şonuň ýaly-da dabarada Milli Liderimiziň köpugurly edebi döredijiliginden, türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan söz açýan täze neşirden bölekler okaldy. Ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda täze kitabyň ýaş nesilleri millilik ruhunda terbiýelemekde, şol sanda her bir adam üçin durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmakda gymmatly ýol görkeziji esere öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

     Milletimiziň şöhratly taryhyna göz aýlamaga, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna buýsanmaga, milliligimize buýsanmaga giň mümkinçilikleri açýan şeýle kitaplar bilen bizi yzygiderli begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

 

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR