MILLILIK — MÜDIMI GYMMATLYK

     Türkmen gelin-gyzlaryny el işsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar halkymyzyň milli gymmatlyklaryny düzýän haly we haly önümlerini, palas önümlerini dokamakda, keçe basmakda, keşde gaýamakda, alaja işmekde öz yhlaslaryny el işlerine siňdirip gelýärler. Wagtyň synagyndan geçip, häzirki günlerde sarpasy belentden tutulýan milli el işlerimiz indi ýaşlar tarapyndan has kämil derejede dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň milli el işleriniň esasy aýratynlygy olaryň sap ýüňden we tebigy boýaglardan ybarat bolmagydyr. Bu bolsa halkymyzyň durmuş keşbine tebigylygyň mahsusdygyna şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, nepis gölli halylarymyzda, kilimdir keçelerimizde türkmen tebigatynyň öwüşginini hem aňmak kyn däl. Şunlukda, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän gözellikler halkymyzyň şan-şöhratyny, taryhyny älem-jahana buşlaýar. Näzikligi, nepisligi döredýän çeper elli zenanlarymyzyň zehininden kemala gelýän senedimizi synlan her bir ynsanyň kalbyny ajaýyp duýgular gurşap alýan bolsa gerek.

     Milli sungatymyzyň bu ýolunyň aýratynlyklary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda hem gymmatly maglumatlar juda kän. Gadymy senedimizi täze öwüşgin bilen dowam etdirýän çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ählisine diýen ýaly alaja örmek hem mahsusdyr. Biziň gündelik durmuşymyzda ähli el işleriň bir ýanynda alajalarda gözümiz eglenýän bolsa gerek. Milli keçelerimiziň, kilimlerimiziň, halydyr palas önümleriniň gyralaryny hem alaja bilen bezemek däbe öwrülipdir. Çünki her bir işe ugurtapyjylyk, oýlanyşykly we ýagşy niýetler bilen başlaýan ene-mamalarymyz alajanyň ilki bilen gözden-dilden goraýjylyk häsiýetine ynanypdyrlar. Şu nukdaýnazardan hem esasan hem kiçi ýaşly çagalaryň elleriniň, boýunlarynyň alajasyz ýöränlerine kän bir duş gelinmeýär. Hatda bäbejikleriň gundag ýüpleriniň hem alajalardan düzülendigine biz gündelik durmuşymyzyň her bir pursadynda şaýat bolýarys.

     Milli mirasymyzyň gymmatyny ýitirmän gelýän gelin-gyzlarymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän el işlerimiziň, inçe senedimiziň ýene-de ençeme asyrlap öz gadyr-gymmatyny, halkyň arasynda ulanyjylyk ähmiýetini saklap geljekdigine ynanýarys. Ýaňy-ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalaryň we alaja örmek üçin niýetlenen iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy halkymyzda bu inçe sungata goýulýan sarpanyň gün-günden beýgelýändigini görkezdi. Şonuň ýaly-da bu muzeýe gelýän watandaşlarymyzyň bu sungata bolan hormat-sylagyny artdyrýar. Halkymyzyň milli el sungatynyň kämil derejede dowam etmegine mynasyp goşant goşan Ogulabat ejäniň her bir işi, durmuş tejribesi biz ýaşlara görelde alarlykdyr. Şundan ugur alyp, biz türkmen gelin-gyzlary asyrlar boýy dowam edip gelýän el işleriniň inçe syrlaryny öwrenmekde we olary geljekki nesillere ýetirmekde öz gaýratymyzy gaýgyrmarys.

 

Gülälek BATYROWA,

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR