Ýaşlarymyzyň baky hemrasy bolmalydyr
Hormatly Prezidentimiz sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ynha, 1-nji sentýabrda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň bolmagy hem munuň nobatdaky mysalydyr.
Ýeri gelende bellesek, milli sport ulgamynda uly özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim işini milli tejribäni netijeli ulanmak bilen birlikde, dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge gönükdirýär. Şunda, aýratyn-da, türkmen sportuny täze belentliklere çykarmaga ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, bu gün ýurdumyzda sport bilen meşgullanmagyň barha giň gerime eýe bolýandygy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Täze bina: giň mümkinçilikler we şertler
Güýzüň ilkinji güni ýurdumyzyň ýokary sport mekdebiniň täze binasynyň öňüne ýolbaşçylar düzümi, talyplar we türgenler ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de sport ulgamynyň täze döwrebap binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, milli Liderimiz binanyň içine girdi. Ýeri gelende aýtsak, ulanylmaga berilýän täze okuw-edara toplumy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.
Sport toplumynda döwlet Baştutanymyzy talyplar we olaryň halypalary — tälimçiler tüýs ýürekden mübäreklediler. Futzal boýunça türgenler bilen söhbetdeş bolup, hormatly Prezidentimiz olaryň Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna, iri ýaryşlara oňat taýýarlyk görjekdiklerine we öňümizdäki halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam bildirdi. Şeýle hem sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynyň gurluşy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, hünärli türgenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler bilen tanşyp, milli Liderimiz woleýbolçylaryň, futzalçylaryň, tennisçileriň we basketbolçylaryň türgenleşigine syn etdi. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem futbol pökgüsini ussatlyk bilen urup hem-de woleýbolçylara pökgini geçirip, sport başarnygyny görkezdi. Tennisçileriň oýnuny synlap, sportuň bu görnüşine hem ajaýyp erk edýän hormatly Prezidentimiz talyplar bilen okuwlar geçilende nämelere üns berilmelidigi barada tälimçä dürli maslahatlary berdi.
Bellemeli zat, iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard, küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen we bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär. Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalarynyň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler. Sport toplumynyň binasyndan çykyp, milli Liderimiz ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şol ýerde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredilipdir. Bag ekmek meselesine aýratyn üns berip, döwlet Baştutanymyz nahallary seçip almak babatda olara degerli maslahatlary berdi.
Baş maksat — ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak
Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasyna girip, hormatly Prezidentimiz onuň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär. Toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw otaglary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi. Anyklaýyş zalyna baryp, milli Liderimiz bu ýerde gurnalan ýörite döwrebap enjamyň iş aýratynlyklary hem häsiýetnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz trenažýor zalyna bardy. Enjamlary saýlamaga hem-de türgenler üçin ýörite türgenleşik maksatnamalaryny düzmäge gatnaşan fitnes boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah täze sport toplumynyň enjamlarynyň, trenažýorlarynyň häsiýetnamalary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirdi.
Milli Liderimiz sport we ýaşlar syýasaty ministrine sport merkezleriniň tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etmegi, nemes bilermeni bilen bilelikde fitnes-maslahat boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Täze fakultetiň mugallymlaryny we talyplaryny döwrebap desganyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, döwlet Baştutanymyz olara sport ulgamynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri hormatly Prezidentimize giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ýetilen sepgitler — geljekki ösüşlere badalga
Soňra milli Liderimiz Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna ugrady we şol ýerde toý bagyny kesdi. Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini, habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar, tehniki otaglar bar.
Döwlet Baştutanymyz sport muzeýine bardy. Muzeýde goýlan gymmatlyklar Diýarymyzyň sportuny ösdürmek ugurlaryna, döwlet syýasatyna we täze taryhy eýýamda bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr. Hususan-da, eksponatlaryň arasynda abraýly halkara ýaryşlarda türkmen türgenleriniň dürli ýyllarda gazanan baýraklary, ýadygärlik sowgatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşykly gymmatlyklar aýratyn hormatly orny eýeleýär. Şeýle hem muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan dürli üstünlikleri üçin berlen Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamalary, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň medallary, köp sanly kuboklar we dürli ýaryşlaryň baýraklary bar.
Bu ýerde milli Liderimiz lukman we alym-lukman hökmünde ýokanç keseller, şol sanda koronawirus bilen kesellemegiň sebäplerini, ýollaryny, onuň barşynyň hemme tapgyrlaryny, töwekgelçiliklerini aýtdy hem-de güýçli immunitetiň saglyk üçin bu howpuň garşysyna neneňsi hereket edip bilýändigini düşündirdi. Şeýlelikde, ministrligiň binasyny gözden geçirmegi tamamlap, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
03.09.2020ý.