TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň Medeniýet bölümi bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda Gumdag şäherçesiniň Medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda Gadymy döwürlerden gelýän milli ýörelgeler, zenanlaryň el hünäri, şol sanda halyçylygyň taryhy, olar hakyndaky rowaýatlar, halylaryň döreýiş aýratynlyklaryny, gadymylygyny gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Taryhda belli bolşy ýaly, ene-mamalarymyz özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny, özboluşly senetçiligi döredipdirler. Şolaryň hatarynda halyçylyk sungatyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň döreden we nesilden-nesle aýawly geçirip gelýän milli gymmatlyklary, ruhy däp-dessurlary, haly sungaty dünýäde barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Halk senetçilik önümleri bilen bir hatarda, türkmen zenanlarynyň dokan nepis halylary we haly önümleri kaşaň binalaryň, owadan köşkleriň esasy bezegleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asylly garaşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine bagyşlady. Bellenilişi ýaly, Ogulabat eje biziň ählimize, hususanda, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik ýaly aýratynlyklar jemlenendir.
Sähragül ATABAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.