TÜRKMEN HALYSY — NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde gaýtalanmajak, müňýyllyk taryhy bolan nepis sungatyň — Türkmen halysynyň Watanydyr. Asyrlar içre halkymyzyň adyny şöhratlandyryp gelen halylarymyz maddy hem ruhy baýlygymyzdyr, milli gymmatlygymyzdyr. Köküni bäş müň ýyllyk taryhdan alyp gaýdýan haly we haly önümlerimiz özlerinde halkymyzyň müň öwüşginli dünýägaraýşyny, paýhasyny, pelsepesini, ruhy dünýäsini jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklary döwrebap derejede ösdürilýär we ýaşlara giňden öwredilýär. Haly halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, uly çeperçilik we ussatlyk bilen döredilýän inçe sungatdyr. Haly gölleriniň öwüşgininde gelin-gyzlarymyzyň çäksiz ussatlygy we zähmeti jemlenendir. Halyçy gelin-gyzlarymyz şol keremli nagyşlara halkymyzyň taryhyny, milliligini we göwün arzuw-hyýallaryny siňdiripdirler. Ýurdumyzda döwrebap çeper halyçylyk kärhanalarynyň sanynyň artmagy haly önümçiliginiň has-da kämilleşmegine, onuň dürli görnüşleriniň artmagyna uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda «Türkmen gölleri biziň gadymy halkymyz, onuň döredijilik kuwwaty, häsiýeti, ykbaly hakynda gürrüň berip, özboluşly «nesil daragtyny», nyşanlaryň dilini, ulgamlaryny, reňkini, depginini özünde jemleýär» diýip belleýär.

     Döwlet tugymyzy bezeýän bäş sany haly göli ýurdumyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň alamaty bolup, olarda mukaddes Watanymyzyň ajaýyp beýany bardyr. Türkmeniň abraýyny arşa göterýän nepis halylarymyz bu gün toýlarymyzyň, öýlerimiziň gelşigi we ýaraşygy bolup, göwünlerimize ganat berýär.

     Ählimiziň bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen haly sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilip, bu babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap haly fabriklerinde zähmet çekýän çeper elli halyçy gelin-gyzlar dünýä meşhur haly we haly önümlerini öndürýärler. Nepis gölli täsin halylary döretmekde medeni gymmatlyklaryň bütindünýä genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatyny ösdürmekde toplanylýan oňyn tejribeler, Hormatly Prezidentimiziň halyçylyk sungatyny has-da ösdürmek, kämilleşdirmek baradaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwesidir.

     Ene-mamalarymyzdan gymmatly miras bolup galan bu inçe senediň şöhratly şu güni, şuglaly geljegi bar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda toýlanýan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan çäreleriň giň gerime eýe bolmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR