GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZ

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan güni halkymyzyň alnyndan ak Günüň dogan, depesine bagt guşunyň gonan senesidir.

     Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri pederlerimiziň arkama­arka gelýän milli däp­dessurlaryny, ýol­ýörelgelerini deňli-derejeli dowam etdirmäge, toý­baýramlaryny toýlamaga, tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän möhüm meseleleriň çözülmegine öz sesini goşmaga hem­de öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmaga ähli mümkinçiliklere eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş­durmuş derejesi, adamlaryň dünýägaraýşy düýpli özgerdi. Olarda watançylyk duýgusy, öz Watanyna bolan buýsanç, eziz Diýara bolan söýgi artdy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşlerini ýaşlara düşündirmek maksady bilen, TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşi, Etrek etrap Häkimligi bilen bilelikde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda, «Garaşsyzlyk — bagtymyz» ady bilen wagyz–nesihat çäresini geçirdi. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň sarpasyny juda belentde tutup, bu baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga ir gözinden taýýarlanýar we ýylyň­ýylyna şanly toýumyzy uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Goý, halkymyzyň ýaşaýyş­durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaç alsyn!

 

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR