Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, kabul edilýän kararlardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde bu günki ýaşlar uly güýç hasaplanýar. Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşlaryň ruhy ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşi, döwrebap bilim terbiýesi hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy babatynda giň göwrümli şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny biz bagtyýar ýaşlar durmuşumyzyň her ädiminde duýýarys hem-de özümize bildirilýän ynama mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys. Şu belent maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi hem zähmetsöýer, sowatly, bilimli, watansöýüji nesilleri, yurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny we baky Bitaraplygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak oglan-gyzlary terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işlerde özüniň işjeňligini görkezýär. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip, bu çäreler ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olaryň aň-bilim düşünjelerini ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän hakyky watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly bilimli, berkarar döwletimiziň ösüş özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam edýär.
Goý ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda ýaşlaryň geljegi barada uly aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.