OGULABAT EJÄNIŇ KALBYNYŇ MÄHRI SIŇEN SUNGAT

     Türkmen zenanlarynyň ýerine ýetirýän köp görnüşli el işleri taýýarlananda, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly çuňňur mazmunly düşünjeler beýan edilýär. Bularyň ählisi bolsa, ösüp gelýän nesilleri, esasan-da, geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde, olarda zähmet endigini kemala getirmekde, asylly sypatlary kämilleşdirmekde, maşgala ojagyna, ata-enä wepaly bolmak häsiýetlerini ösdürmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Bu bolsa belent adamkärçilik häsiýetlerini hem özünde jemleýär. Munuň özi belent ynsanperwerligiň, ahlak kadalaryna ýetmegiň ajaýyp nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr. Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä örülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Däp-dessurlary öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgesine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek, medeni mirasyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, halypa-şägirtlik mekdebiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ösdürmekde bitiren ägirt uly işlerini häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp derejede dowam etdirmegi bilen, ozaldan gelýän gadymy däp-dessurlarymyz şu günki nesillere ýetirilýär. Alym Arkadagymyz dünýäniň diregi hasaplanýan enelere bagyşlan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bedewler bilen didarlaşmak endiginden söz açyp: «Ine, şonda hem mähriban käbämiň elleriniň ýylysyny, gaýratyny hyýalyma getirýän ýagdaý döreýär. Ejemiň ören alajasyny taýlara, atlara dakýan pursadymda bu şeýle bolýar» diýip belleýär. Milli Liderimiz enelerimizi müdimi gudrata deňeýär. Bu belent adamkärçiligiň, pederlere goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun!

 

Sähragül ATABAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR