BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY

     Ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli ýaşaýşyny has-da gowulandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar ýaşaýşyň esasy buýsanjy, guwanjy bolsa şadyýan, görkana çagalardyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlygyň aýdyň nyşany, nurana geljegimiz bolan çagalaryň sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, görüm-göreldeli, il-ýurdumyza wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Parahatçylykly gülläp ösüşleriň mekany bolan ýurdumyzda her ýylyň güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklaryny goramak ugurdaky ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni çäreler, çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler göwünleri galkyndyrýar. Çünki körpe nesliň şadyýanlygy, bagtyýarlygy halkymyzyň egsilmez buýsanjydyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezleri ýurdumyzda körpe nesiller üçin iň bir ajaýyp binalaryňdyr desgalaryň gurlup ulanylmaga berilýändiginiň aýdyň kepilidir. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen çagalar baglary, orta mekdeplerdir sport desgalary çagalaryň hem-de ýaşlaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi, edep-terbiýeli, sowatly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan häzirki zaman şertleriniň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilendigini bellemek örän ýakymlydyr. Şeýle-de bu ýerde zähmet çekýän lukmanlar hünär taýýarlyk derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda eneleriň hem-de çagalaryň saglygyny goramak babatynda uly tagallalaryň edilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» merkezleri guruldy. Ýaş nesliň arasynda keselleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak üçin saglygy goraýyş edaralarynda ýörite anyklaýyş barlaglarynyň geçirilmegi ýola goýuldy. Döwletimizde çagalaryň sagdyn ösüp ulalmagy bilen bagly kabul edilýän maksatnamalar hem uly ähmiýete eýedir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», şeýle-de «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi babatynda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip belleýär. Asudalyk, abadançylyk, durmuş-ykdysady taýdan ösüş, dünýäniň parahatlygy hakdaky alada eziz Watanymyz, merdana halkymyz, bagtyýar çagalar üçin hem edilýän iň uly aladadyr. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, körpe nesilleriň şatlykly sesleriniň has-da joşgunly ýaňlanmagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR