GA­RAŞ­SYZ­LYK — HAL­KYŇ BE­ÝIK BUÝ­SAN­JY

Öňňin paýtagtymyzda geçirilen dabaraly baýramçylyk ýörişi onuň aýdyň mysaly boldy.

Mis­li mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyllyk baý­ra­my­ny gut­la­ýan ýa­ly, äpet Gü­nem ol gün öz şöh­le­si­ni bol­luk bi­len eçil­di. Baş mün­ber­de baý­ramçy­lyk ýö­ri­şi­ne gat­na­şy­jy­la­ryň mü­bä­rek gut­lag­la­ryny, ak al­kyş­la­ry­ny diň­läp, mä­hir bi­len eli­ni gal­dy­ryp du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu uly to­ýuň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da art­dyr­dy. Ýö­ri­şe to­ma­şa et­mä­ge ge­len hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň, uzak ýyl­lar­da çe­ken päk zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan, dür­li kär­de zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­my­zyň, ha­ly­pa ýazyjy-şahyrlaryň hem-de ýaş­la­ryň be­genç-gu­wan­jy­ny, toý şat­ly­gy­ny göz­le­rin­den oka­ber­me­li­di. Ola­ryň bi­ri-bi­ri­ne aýd­ýan mä­hir­li gut­lag­la­ryn­dan ýurt aba­dan­çy­ly­gy­nyň, il ag­zy­bir­li­gi­niň, öza­ra hormat-sylagyň lez­ze­ti­ni duý­mak bol­ýar.

Ir sagat 10:00. Türkmenistanyň Goranmak ministriniň hormatly Prezidentimize ýörişe gatnaşyjylaryň doly taýýardygy barada habar bermegi bilen Baş münberiň öňündäki mähelle herekete gelýär. Harby lybasly ýigitler göýä Watanyň biline gaýrat guşagy kimin berk oralandygyny bildirmek isleýän ýaly, çalasynlyk görkezýärler. Şol barmana türkmeniň ýürek aýdymyna öwrülen Döwlet senamyz ýaňlanýar. Hormat münberinde oturan tomaşaçylaryň ählisiniň, hatda ak sakgally gojalardyr kümüş saçly eneleriň-de ýörişiň başyny başlajak bolup duran harbylar bilen bilelikde uly höwes bilen aýdymly kalplary ganatlandyrmagy buýsanja besleýär. Döwlet senamyzyň: «Başlaryň täji sen, diller senasy, // Dünýä dur­sun, sen dur — Türkmenistanym» diýen setirleri welin, şeýle bir sazlaşykly, akgynly eşidilýär-de, türkmeniň watançylyk söýgüsiniň belentlik derejesini ölçeýän sanýetmez gurala-da baş bermeýäne çalymdaş. Hawa, öňde-soňda Watan, il-ýurt diýip urýan ýürekler şeýlede bolmaly. Ony bize baýramçylyk ýörişiniň başyny başlan esger lybasly ýigitlerem subut edip bildi. Ynha, olar — Wa­tan go­rag­çy­la­ryny taýýarlaýan dürli harby mekdeplerde okaýan harby talyplar hatar-hatar bolup, parahatçylyk hakda aýdym aýdyp geçip barýarlar. Ýaşlygyň gözel döwründe, parahat zamanda harby talyp bolmagyň bagtyny diýsene! Çusluk, saklyk, ykjamlyk... harby türgenleşiklerdir ýaryşlar bilen sazlaşar-da öz-özüňi taplamagyň ägirt uly bir mekdebini emele getirer. Çünki esger, harby adam diýmek Watan goragçysy diýmekdir. Şol sebäpli olar kirpiklerini-kirpiklerine gatman, ýurt serhetlerini goraýarlar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşýan harby ýaşlaryň her toparynyň okaýan mekdeplerine, saýlan hünärlerine görä lybaslarynyň bolmagy ýurt bolçulygyndan nyşan. Ine, ýurdumyzyň deňiz-derýa serhetlerini goraýan esgerlere geljekde tälim bermeli talyplaryň başgaplary-da, uly serpme ýakaly köýnekleride beýlekilerden tapawutly. Türkmenistanyň asman giňişlikleriniň «eýeleriniň» göm-gök lybaslary bolsa, arassa howany ýadyňa salýar. Hatarlary dos-dogry, başlaryny belent tutup geçip barýan harby ýaşlaryň: «Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy» diýen nyzamly owazlary, göýä, jebislik mukamy bolup ýaňlanýar. Özem diňe bir münberde oturan ýerimizden däl, soňra agşam ähli teleýaýlymlarda ikilenç görkezilende hem gaýta-gaýta syn edip, guwanan bir keşbimizi okyjylarymyz bilen paýlaşmak isleýäris. Harby ýörişe gatnaşýan ýaşlaryň aýak uruşlarynyň, görkezme çykyşlarda edýän hereketleriniň şeýle haýran galdyryjy düz we sazlaşykly bolmagy kalbyňa rahatlyk paýlaýar. Bu düzgün-tertibiň we harby nyzamyň aňrybaş derejesinden habar berýär. Olaryň özleriniň däl, eýsem, aýak uruşlarynyň Gün şöhlesiniň täsiri bilen emele gelen kölegeleriniň-de des-deňje hereketde bolmagy begendirýär. Diýmek, biziň şeýle düýpli harby endikli, berdaşly we kuwwatly Watan goragçylarymyz bar. Bu bolsa biziň her birimiziň ýüregimize rahatlygyň we asudalygyň serginligini bagyşlaýar.

Baýramçylyk ýörişi harby tehnikalar bilen dowam etdirilýär. Dürli kysymly bu enjamlar Türkmenistanyň goraglylygynyň we güýç-kuwwatynyň nyşany. Olaryň üstünde harby esgeriň ýanynda hüşgärlik bilen töweregine seredip barýan türkmen alabaýlary irki döwürlerden bäri halkymyzyň tälim berip ýetişdiren milli gymmatlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, soňky döwürlerde alabaýlara döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eseriniň şeýle irginsiz işlerde ähmiýeti örän uludyr.

Baýramçylyk ýörişiniň dowamynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşlerini şöhlelendirýän ulag kerwenleriniň yzly-yzyna geçmegi tüýs jüpüne düşdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň: «Halk Size penadyr, daşyňyza galadyr...» diýip ýaňlandyran aýdymy bolsa, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan ýürek söýgüsiniň beýany boldy. Ýörişiň dowamynda göge galan dürli reňkli şarlar, göýä, il-günüň soňlanmajak ak arzuwlarynyň nyşany bolup, arşa göterildi.

“Nesil” gazeti,

29.09.2020ý.