TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: giň gerimli hyzmatdaşlygyň täze möhüm ädimi

Bil­şi­miz ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň hem-de howpsuz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra iş­jeň gat­naş­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet eden yn­san­per­wer tag­lym­la­ry­na, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de öza­ra gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly bol­mak bi­len, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz beý­le­ki ýurt­la­ra, hu­su­san-da, do­gan­lyk goňşy halk­la­ra he­mi­şe kö­mek ber­mä­ge taý­ýar­dyr.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini berýär. Ýurdumyz tarapyndan goňşy ýurdy goldamak diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ol, ozaly bilen, giň möçberli sosial ykdysady kömegi hem öz içine alýar. Owgan halky türkmen nebit önümleriniň, elektrik energiýasynyň hem eşretini görýär. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär we ol iki halkyň hem bähbitlerine laýyk gelýär.

Ynha, 30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, wekilleri, şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine dahylly halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri sanly wideoaragatnaşyk arkaly milli Liderimiziň Owganystanyň Baştutanyna iberen salamyny ýetirip, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tutuş Ýewraziýa yklymy üçin geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen bu resminamalara gol çekilmeginiň ähmiýetini nygtady. Owgan tarapyndan çäräniň guralan ýerinde, Kabul şäheriniň «Salam-Han» Prezident köşgünde çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň we halklaryň dostlugyna, şeýle hem diňe Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine däl-de, eýsem, sebitiň ykdysady integrasiýasyna täsir etmäge gönükdirilen iri göwrümli elektroenergetiki taslamalaryň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy, Owganystana yzygiderli goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu waka Owganystanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm ädim boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «TAPI Pipeline Limited» we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky Ylalaşyk bar. Şeýlelikde, bu waka hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryna iş ýüzünde mynasyp goşandyny goşýandygyny ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.

Goňşy döwletiň wekilleri Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak meselelerine goşýan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda başyny başlan, sebitde we dünýäde umumy maksatlara hyzmat etjek iri taslamalaryň möhümdigini bellediler.

“Nesil” gazeti,

03.10.2020ý.