5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere taýýarlyk işlerine garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim şu günler Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerine ýetirilýän abadanlaşdyryş işleri, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasynyň şäher düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga, şäher ilaty üçin amatly durmuş şertlerini kemala getirmäge we degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini belledi, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri degişli yzygiderlilikde çykyş edip, sebitlerde alnyp barylýan işler, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depgini, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz sebitleriň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekmek bilen, güýzlük bugdaý ekişiniň we «ak altyn» ýygnamak möwsüminiň depginini güýçlendirmegiň, bu jogapkärli çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli hem-de wagtynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, däneli ekinleriň gyradeň gögerişini üpjün etmek üçin meýdanlarda suwaryş işlerini öz wagtynda geçirmek zerurdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gök ekinlerden bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmelidigini, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi, häkimlere welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalary meýilleşdirilen möhletinde tamamlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyga saglygy goraýyş we derman senagaty ministrini çagyrdy. Ol bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada, hususan-da, Ahal welaýatynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň birnäçesiniň bina edilýändigi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde häzirki zaman şypahanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mundan başga-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly saglyk merkeziniň, ýokanç keseller hassahanasynyň, Daşoguz welaýatynda hem 450 orunlyk köpugurly saglyk merkeziniň, onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Mundan başga-da, 2018-nji ýylda Lebap welaýatynda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde iri köpugurly lukmançylyk merkezi açyldy. Mary welaýatynda bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze Saglyk öýi gurlup, ulanylmaga berler. Milli Liderimiz «Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekip, bu işleriň paýtagtymyzda we welaýatlarda talabalaýyk derejede ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady, ministre hem-de häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer toplumda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli kärhanalarda taýýarlanýan ýokary we birinji hilli bugdaý ununyň düzümini peýdaly serişdeler bilen baýlaşdyrmak üçin ÝUNISEF bilen «Premiks» azyk goşundysyny satyn almak hakynda goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakynda resminama gol çekdi. Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Sürüm we bejergi traktorlary hem-de oba hojalyk gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Iş maslahatyny tamamlap, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy hasda ösdürmäge, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
08.10.2020ý.