MAKSATLARY AÝDYŇ, ÝOLLARY ÝAGTY, ARKADAGLY NESIL WATANYŇ BAGTY

     Şeýle ajaýyp şygar bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda täze okuw ýylynyň başlanmagy, Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara umumy okuw sapagyny geçmegi hem-de bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga mekdebiň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçen maslahat duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlaryň özenini ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýadyny berkitmäge, ýaşlaryň döwrebap derejede bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegine gönükdirilen giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar we hoşallyk sözleri düzdi. Çykyşlaryň baý many-mazmuny oňa gatnaşanlary ýatdan çykmajak ýakymly duýgulara besledi.

 

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar