BILIM — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

     Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda, welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar, şol okuw jaýlarynyň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Maslahatda eziz Diýarymyzda giňden, dabaraly bellenilýän bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglara giň orun berildi. Şeýle-de, çykyş edenler ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýetilen belent sepgitler, öňde goýlan maksatlar dogrusynda giňişleýin hem-de uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar