ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR, MENZILLERI BAKY BAGTA ÝAR ÝAŞLAR

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryna beren ilkinji umumy sapagyndan gelip çykýan wezipeleri okuwçy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahat duşuşygyna Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçy ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ilkinji umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşynda nygtap geçen sargytlary, beren öwütleri, eden bellikleri dogrusynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 32 ýylda ýeten beýik sepgitleri, ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde ylymly, bilimli, kämil, ruhy-beden taýdan sagdyn türkmen ýaşlarynyň goşantlary, ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler babatynda giňişleýin nygtap geçdiler, mekdep okuwçylaryna täze okuw ýylynda uly üstünlikleri arzuwladylar. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen giňden meşgullanmaga, hünär edinmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar