DUŞUŞYK TÄSIRLI GEÇDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň medeniýet öýünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň okyjylara gowuşmagy mynasybetli, «Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga belent sarpa» atly duşuşyk çäresi geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Mejlisiň deputatlary, etrap Halk Maslahatynyň agzalary hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.

     Milli Liderimiziň türkmen halkyna peşgeş beren bu ajaýyp şygry Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň hataryny artdyrdy. Bu goşgynyň Gündogaryň beýik akyldary hakynda ýazylan iň gowy eserleriň biridigi, şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormat-sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň nusgalyk derejededigine göz ýetirmek bolýandygy baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.

     Duşuşykda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar