OGULABAT EJÄNIŇ EL IŞLERI NESILLERE GÖRELDE

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha rowaçlanmagy babatynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny sünnäläp ören alajasynyň hem-de olary örmekde ulanan guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy.

     Şu mynasybetli Görogly etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Görogly etrap bölümi bilen bilelikde, «Ogulabat ejäniň el işleri nesillere görelde» atly aýdym-sazly duşuşyk çäresini geçirdi. Oňa etrabyň mährem eneleri, dürli kärlerde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalaryň täsin bir gudratdygyny belläp, nepisligiň nusgasyna öwrülen bu gymmatlyklaryň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem çykyş edenler Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, ol ýerde haly ýüwürdip, darak kakmagynyň has-da täsirli bolandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler.

     Duşuşygyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren ene mukaddesligi, alaja baradaky aýdymlary we folklor çykyşlary dabara gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar milli mirasymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar