BILIMLI NESIL — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, il-ýurt bähbitli işleriň bady barha artýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär.

     29-njy awgustda şeýle şygar bilen, Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilelikde gurady. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sylap Atabaýew, şol mekdebiň 1-nji ýyl talyplary Serdar Saparow hem-de Aýnur Tekäýewa dagylar çykyş etdiler.

     Çykyşlaryň dowamynda türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigi, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýandygy hem-de bu günki gün ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýändigi barada giňişleýin bellenilip geçildi.

     Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş aýtdylar.

 

Serdar ŞYHYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar