Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegidir. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde şeýle taryhy wakanyň bolup geçmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň tutýan ornuny has-da berkitdi.
Şol mynasybetli, golaýda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde «Ýaşlar — dünýäniň geljegi» atly daaraly maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi gurady. Çärä Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekilleri, Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda ýaşlar barada çäksiz aladalary edýän, ýaşlara halkara hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmakda, ýurdumyzdaky ösüş-özgertmeleri dünýäde wagyz etmekde giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň ýaş aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.
Berdimyrat KAKAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.