ŞANLY SENÄNIŇ ŞANYNA

     Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmasy» diýen at bilen geçirilen maslahat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlandy. Oňa muzeý işgärleri, mugallymlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew we Dänew etrap geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen täsirli çykyşlarda özygtyýarlygymyzyň geçen ýyllarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň we beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada aýratyn nygtaldy.

    Şonuň ýaly-da edilen çykyşlarda ýurdumyzyň aýry-aýry pudaklary boýunça öňe ilerlemeler, raýatlarymyzyň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, netijeli dynç almaklary we saglygyny dikeltmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda söz açyldy. Çykyşlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy we syýasy ähmiýetli wakalaryň şaýady bolýan ildeşlerimiz halkymyzy berkarar, parahat döwletde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

     Soňra maslahata gatnaşyjylar muzeýde şanly baýramymyzyň şanyna  «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» diýen at bilen açylan wagtlaýyn sergä aýlanyp gördüler. Sergide giňden ýaýbaňlandyrylan milli mirasymyzy, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän surat eserleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşlerinden, özgerişlerinden söz açýan diwarlyklar we neşir önümleri bagtyýar ýaşlaryň mähriban Watanymyza, abadan döwrümize buýsanjyny goşalandyrdy.

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR