ÝOLLARYMYZ ASUDA — ILLERIMIZ ABADAN

     Ýurdumyzyň ähli ýerinde şu günler giň gerime eýe bolýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilmegi biziň welaýatymyzda hem guramaçylykly dowam edýär. Biz hem her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu biraýlygyň çäklerinde ýaşlaryň arasynda täsirli we ähmiýetli çäreleriň geçirilmegini gazanmak maksady bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda etrabymyzyň orta mekdeplerinde yzygiderli işleri alyp barýarys. Golaýda Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebinde «Ýollarymyz asuda — illerimiz abadan» diýen at bilen guran wagyz-nesihat duşuşygymyz hem bagtyýar ýaşlarymyz üçin ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Duşuşygyň dowamynda polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleri köçe we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, köpçülikleýin ýol-ulag serişdelerinden dogry peýdalanmak, ýoly dogry kesip geçmek, ýolda we ulagda özüňi medeniýetli alyp barmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ýaşlara gymmatly maslahatlaryny berdiler. Degişli suratlar, diwarlyklar boýunça edilen çykyşlar mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da bu ähmiýetli çärede güneşli Diýarymyzyň ähli ýerini gurşap alan bu möhüm ähmiýetli bir aýlygyň geçirilmeginiň oňyn netijeleri boýunça hem gürrüň edildi.

     Çäräniň dowamynda degişli wekiller köçe we ýol hereketinde pyýada ýolagçylaryň borçlary dogrusynda mekdep okuwçylary bilen sowal-jogap alyşmak arkaly gürrüňdeşlik hem geçirdiler. Umuman, bir aýlyga bagyşlanan bu çäremize işjeň häsiýet mahsus boldy. Biz ýene biraýlygyň dowamynda beýleki bilim we terbiýeçilik edaralarynda hem «Ýolyşyk — biziň dostumyz», «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edeliň!», «Düzgünleri berjaý etmek hökmany» diýen at bilen möhüm çäreleriň geçirilmegini dowam etdireris.

 

Melike ROZYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR