JOŞGUNA BESLENEN DABARA

Eziz Diýarymyzyň her bir güni bagtyýarlyga, ruhuňy galkyndyrýan şatlykly wakalara, şanly senelere beslenýär. Şu günler ata Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, dabaraly maslahatlardyr duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler biziň etrabymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

Golaýda «Goý, güllesin mydam Garaşsyz Watan!» ady bilen Türkmengala etrabynyň medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ony etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi hem-de etrap medeniýet bölümi gurady. Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň, bilim we medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen baýramçylyk duşuşyk şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna bagyşlandy.

Gyzykly geçen baýramçylyk dabarasynda Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Agaýew, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň başlygy Döwlet Ýagmyrow hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewa çykyş edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen baky bagty, geçen taryhy döwrüň içinde ata Watanymyzyň ýeten beýik derejesi, gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri dogrusynda ýürek joşduryjy çykyşlar etdiler. Soňra etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Ýerine ýetirilen çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Berkarar Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

 

Bilbil JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 110 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI