SPORT — KÄMILLIGE BADALGA

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak her bir watandaşymyzyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrüldi. Jemgyýetimizde gujur-gaýratly, sagdyn, ukyp-başarnykly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda gurlup, ulanylmaga berilýän häzirkizaman sport desgalarynda, sport toplumlarynda türgenleşýän ýaşlaryň sanynyň günsaýyn artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwrebap sport toplumlarynyň we stadionlaryň birnäçesi biziň welaýatymyzyň etraplarynda, hatda iň çetki obalarymyzda hem guruldy. Ol sport toplumlarynda ýaşlaryň sportda ýokary netijelere, üstünliklere eýe bolmaklaryny gazanmak üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň hem döredilendigini nygtamak gerek. Türkmen türgenleriniň özleriniň kämil başarnyklary bilen dünýäniň sport münberinde ýaşyl tugumyzy yzygiderli belende galdyrmaklary hem olar hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijeleridir.

     Biz hem ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen dürli sport çärelerini, ýaryşlary yzygiderli geçirýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Dänew etrabyndaky 6-njy sport mekdebinde hem futbol ýaryşyny geçirdik. «Sport — kämillige badalga» diýen şygar astynda geçirilen bu futbol ýaryşa etrabyň sport mekdepleriniň toparlary, ýaş türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Dänew etrabyndaky 6-njy sport mekdebiniň «Gaýrat» toparynyň türgenleri iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar we ýaryşyň ýeňijileri boldular. Ýaryşda ikinji baýrakly orny bolsa Dänew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň «Diýar» topary eýeledi. Etrabyň 2-nji sport mekdebiniň «Altyn asyr» topary bolsa ýaryşyň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy. Ýeňijiler we ýaryşa işjeň gatnaşan türgenler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Rahmet BEŞIMOW,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR