Hormatly Prezidentimiziň ählumumy sagdynlygy we bagtyýarlygy ugur edinýän tutumly işleri rowaçlyk tapýar we halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp bolýar. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan badalga berilen we giň gerimde geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk babatynda hem şeýledir. Içeri işler ministrliginiň ýol gözegçiligi gullugy jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, şeýle asylly çärelere umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar baglary işjeň gatnaşýarlar. Buýsançdan doly bilim ojagy bolan mekdepler okuwçylar bilen ýol hereketiniň kadalaryna bagyşlanan işleri geçirmäge gyzgalaňly girişýärler.
Golaýda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 51-nji orta mekdebinde Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşi etrabyň polisiýa bölüminiň işgärleri bilen bilelikde geçiren wagyz-nesihat çäresi «Ýolyşyk — biziň dostumyz» diýlip atlandyryldy. Çäräniň dowamy sorag-jogaplar bilen ulaşyp, oňa gatnaşyjylar üçin has-da gyzykly we täsirli boldy.
Şeýle-de etrabyň Ýaşlar guramasy okuwçylarynyň arasynda dürli görnüşli bäsleşikleri guraýar we onuň ýeňijileri höweslendirilýär. Bu bolsa biraýlygyň täsirliligini has-da artdyrýar. Ýörite baýlaşdyrylan okuw-türgenleşik meýdançalarynda bolsa, ýol hereketiniň ýaş gatnaşyjylary üçin baý many-mazmunly, gyzykly sapaklar hem guralýar. Ussat mugallymlar ýolyşyklaryň işleýşi bilen bagly her bir synpda yzygiderli okuw geçýärler. Okuwçylaryň ählisi çärelere bilesigelijilik ruhunda has-da höwesli, işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi, ýaş nesliň edilýän aladalara mynasyp jogabydyr.
Howpsuzlygy berjaý etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ol biziň jan saglymyz we abadan ýaşaýşymyz üçin iňňän gymmatlydyr. Ýaşlara bolsa şeýle gadyr-gymmaty düşündirmek biz üçin mukaddes borçdur.
Biz — ýaşlar asuda, parahat döwletimizde hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alyp, kuwwatly döwlete bilimli nesli taýýarlamak ugrunda zähmet çekýäris. Ähli döredilýän mümkinçilikler we amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyklarymyz çäksizdir!
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.