HALK MASLAHATY — RÖWŞEN GELJEGE TARAP

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde «Halkyň Arkadagynyň guran ýoly — ak geljegiň, bagtyýar ertirleriň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamynyň wekilleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy, buýsançly çykyşlara ulaşyp gitmegi çäräniň şowhunyny has-da belende göterdi. Çykyşlarda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrandygy, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynda täze ösüşlere badalga berýän taryhy pursada öwrülendigi buýsanç bilen bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çuň manyly çykyşynda berkarar döwletimiziň garaşsyz ösüşiniň gymmatlyklary, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri, ýaş nesli mynasyp terbiýelemek, geljegiň aladasy baradaky meseleler her birimiziň kalbymyzda guwanç hem buýsanç duýgularyny döredýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet strategiýalarynyň baş maksadynyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykmagynda möhüm ädime öwrülendigini aýratyn bellemelidiris.

Çykyşlaryň barşynda Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşany bolan «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy baradaky tolgundyryjy pursatlaryň beýan edilmegi diňleýjilerde ýatdan çykmajak taryhy wakanyň aýdyň şöhlelenmesi bolup, ýüreklerde ebedi orun alar. Çykyş edenleriň arasynda maslahata gatnaşyp, taryhy pursatlara şaýat bolan ýaşlaryň buýsanjyny joşgunly goşgy setirler bilen beýan etmegi has-da özüne çekiji boldy. «Ösüş maksatnamalarynyň durmuşda aýdyň şöhlelenmesi zähmetsöýer, zehinli halkymyzyň döwrüň wezipelerini, iň batyrgaý pikirlenmeleri durmuşa geçirmäge, islendik sepgitleri eýelemäge ukyplydygyny görkezýär. Bu beýik ynam her birimizi jan Watanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge has-da jogapkärçiligimizi artdyrýar» diýlip, çykyşlaryň ahyrynda bellenildi.

 

Mähri TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar