Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi täze ösüşlere badalga berýän taryhy waka öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen döwletli maslahatda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe meselelere seredildi we Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi «Altyn aý» altyn nyşany gowşurylyp, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ady dakyldy. Şu taryhy waka mynasybetli welaýatymyzda maslahat duşuşyklarydyr dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Golaýda şeýle dabaraly çäreleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, etrabyň medeniýet öýünde geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütleriniň ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşup, ata Watanymyza, agzybir halkymyza bolan buýsanjymyzy artdyrandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adynyň dakylmagynyň merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň gysga wagtyň dowamynda il-ýurt bähbitli durmuşa geçiren beýik işlerine hoşallygyň aýdyň nyşany bolandygyny çykyşlarynyň dowamynda uly joşgun bilen belläp geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzy ösüşleriň nurana ýolunda belent sepgitlere alyp barýan, öz halkyna geňeşli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowamat dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.