ÝAŞ ALYMLAR WE DÖWREBAP ÖSÜŞLER

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ylmy ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Şunuň netijesinde ylmy tehnologiýa babatda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň tapgyrlaýyn esasda sanlylaşdyrylýan döwründe bolsa tehniki ylmyň bagyş eden döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaş alymlar netijeli oýlap tapyşlary, ylmy taslamalaryň önümçiligini durmuşa geçirmegiň hötdesinden gelýärler.

«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň 10-njy noýabrynda paýtagtymyzda açylyp ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlarynda hem biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýaş alymlarynyň we professor mugallymlarynyň taýýarlan «akylly öý» taslamasynyň durmuşa ornaşdyrylandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gündelik durmuşymyzda sanly tehnologiýalary ýygy-ýygydan peýdalanýan döwrümizde, ýaşaýjylaryň wagtyny tygşytlamaga, gündelik iş-aladalaryny azaltmaga, bir dolandyryjy nokatdan bir wagtyň özünde birnäçe hereketi awtomatik ýagdaýda amala aşyrmaga gönükdirilen bu taslama ilkinji tejribe hökmünde amala aşyryldy.

Ulanylmasy ýeňil, ýerine ýetirýän hyzmatlary bolsa kämil derejeli bu taslama wagtyň adamzat gymmatlygyna öwrülen häzirki döwrümizde ýokary ähmiýete eýedir. Bu taslamanyň dolandyrylyşynda “Girelge”, “Hemme otaglar”, “Aşhana”, “Myhman otagy”, “Çaga otagy”, “Howa sowadyjy”, “Kiçi žalýuz”, “Uly žalýuz”, “Howa sowadyjy 2”, “TW”, “Çyra” ýaly bölümler boýunça sanlylaşdyrylan wezipeler amala aşyrylýar. Bu taslamanyň internete baglanmazdan öz wezipesini amala aşyrmaga ukyplydygyny bellemek gerek. Taslamanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýynyň girelgesine birikdirilen wideogözegçiligi hem öý eýeleri üçin zerur bolan mümkinçilikdir. Şeýle-de sanly ulgamyň bu mümkinçiligi elýeterli enjamlaşdyrylyşy taýdan we ykjam telefonlar arkaly gözegçilik etmäge bolan mümkinçiligi bilen hem tapawutlanýar.

Dürli hojalyk we hereket amallaryny bir dolandyryşyň üsti bilen gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän bu taslama talyp ýaşlaryň ylmy pikirlenmeleriniň we özbaşdak çemeleşmeleriniň, irginsiz yhlaslarynyň we düýpli ylmy başlangyçlarynyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek ýokary okuw mekdebimize degişli bolan şu ugurdaky ylmy iş Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde hem ykrar edildi. Şeýle-de şu görnüşli ugurdaş taslamalaryň Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary tarapyndan hem işlenip düzülýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Bu günki günde bolsa hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda türkmen telekeçileri tarapyndan ilkinji gezek ornaşdyrylan taslama tapawutly we täsirli tarapy bilen bu ýere göçüp gelen watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletimizde sanly ykdysadyýetiň giň gerimde ösdürilýändigini we sanly bilim ulgamynyň netijeliliginiň artýandygyny görkezýän bu taslama geljekde hem ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalarda ornaşdyrylar. Täze jaýlarda ilkinji gezek gurnalan bu ulgama Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary bahanyň berilmegi bolsa ýaş alymlary we ylmy hünärmenleri täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Bitarap ýurdumyzda şeýle uly üstünlikleri gazanmaga, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we elektron senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläk hem gowulandyrmaga, milli ylmy ösdürmäge, ýaş alymlaryň ylmy tehnologiýalar  alan bilimlerini innowasion taslamalary işläp düzmäge gatnaşmak bilen iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan Arkadag Liderimize ýaş alymlaryň hem döwrebap şertlerden peýdalanýan ýaşaýjylaryň alkyşlary egsilmezdir.

Aganepes AKUMMEDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy,

«Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.