Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň geçirilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Biz bu günki gün ýurdumyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki mähriban Diýarymyzyň islendik künjeginde hem, sport toplumlarynda öz saglygyny berkidýän, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlaryň, aýratyn hem ýaş nesilleriň sanynyň artýandygyny görüp, buýsanjyň artýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 2-nji sport mekdebi bilen bilelikde, ýaş ýetginjek oglanlaryň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda «Sport — saglygymyzyň hemişelik hemrasy» atly şygar astynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Ýaryş gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşyň guramaçylyk hem-de eminler toparynyň gelen netijelerine görä, etrabyň 72-nji orta mekdebiniň oglanlar topary 1-nji orna, etrabyň 34-nji orta mekdebiniň oglanlar topary 2-nji orna, etrabyň 45-nji orta mekdebiniň oglanlar topary 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine, şeýle-de has tapawutly çykyş eden oglanlar toparlaryna Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Parahat SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.