TARYHA BAÝ MEKANYM

     Şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Daşoguz serhet birikmesiniň 2112 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurady. Bu çäre «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslaryny ýaşlara düşündirmek hem-de olaryň geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiz, şöhratly taryhymyz, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, milli mirasymyz bilen bagly maglumat goruny baýlaşdyrmak maksady bilen geçirildi. Ýaşlar muzeýde bular dogrusynda giňişleýin maglumat aldylar. Bu çäre özünüň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär.

 

 

Arazgül MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar