Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde «Göterildi ol ykbaly türkmeniň» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen kararlaryň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli geçirilen çärä bu mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, bu mekdebiň mugallymlary – Orazmuhammet Eminow, mekdebiň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Bike Sabyrowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň mazmuny, tassyklanan kararlar we çözgütler, şeýle hem Maslahatda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, okuwçy ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak dogrusyndaky edilen bellikler barada, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagynyň tutuş türkmen halkyna goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydygy dogrusynda täsirli hem-de giňişleýin belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejelere götermekde ýadawsyz aladalary edýän, türkmen ýaşlaryna okamaga, bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.