TELEKEÇILIK WE ÝAŞLAR

     12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik işi we ýaşlar» atly maslahat geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň arasynda telekeçilik işiniň esaslaryny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Oňa telekeçiler partiýasynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň wekilleri, şeýle-de, bu ugra höwesli ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň telekeçilik bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler, telekeçilik işiniň hukuk esaslary babatynda giňişleýin gürrüň berdiler.

 

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar