Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Ýaşlaryň etrap, welaýat, döwlet derejelerindäki syýasy we medeni çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, syýasy düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň mazmuny barada şeýle hem, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň – «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Arkadag» ordeni bilen sylaglanmagynyň tutuş halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň kalplarynda buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny artdyrandygyny aýtdylar. Bu belent derejäniň, hormatly adyň tutuş halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan belent ynamy, çäksiz söýgüsiniň aýdyň subutnamasydygy barada giňişleýin çykyşlar etdiler. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, hünär almaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.