Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň 44-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döräp, halkymyza ýetirilýän neşirleri halk arasynda, esasan hem ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ol kitaplardaky maglumatlary ýaşlara içgin öwretmek maksady bilen geçirilen ýygnaga Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrabyň bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, bu mekdebiň ýokary synplarynda okaýan okuwçylar hem-de mugallymlar gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilikde hem ýaşlara görelde bolýandygyny, halk we döwlet ähmiýetli işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgullanyp, ýiti paýhasy bilen dürdäne eserleri döredip, halkymyza ýetirýändigini nygtamak bilen, bu eserlerde halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahslarymyz, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz-sungatymyz, asylly däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin maglumatlaryň jemlenendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda okuwçy ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini okamak, öwrenmek, ýankitabyna öwürmekleri barada öwüt-ündew berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyz hem-de türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.