ÖZGERÝÄN DIÝARDA BAGTYŇ NURY BAR, ARKADAGLY SERDAR BIZE HOWANDAR!

     Golaýda şeýle ajaýyp şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekilleri, bilim hem-de kitaphana işgäri gatnaşdylar. Bu çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy mynasybetli geçirildi. Çäredäki çykyşlaryň özenini hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sammitde öňe süren öňdengörüjilikli teklipleri, eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dost-doganlykly, ynsanperwer gatnaşykly syýasaty baradaky buýsançly gürrüňler düzdi.

 

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar