TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher Geňeşleriniň wekilleri, işjeň agzalary, şeýle-de muzeý işgärleri gatnaşdylar. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen kararlaryň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Halk Maslahatyň başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň mazmuny, tassyklanan kararlar we çözgütler babatynda, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagynyň tutuş türkmen halkyna goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydygy dogrusynda täsirli hem-de giňişleýin bellenip geçildi.

 

 

Gülendam SIBULLAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar