Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadagly Watan dilde dessanym, Berkarar döwletim Türkmenistanym!» atly şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, welaýatyň Daşoguz şäher hem-de Akdepe etrap Geňeşleriniň wekilleri, şeýle-de, bilim işgäri gatnaşdylar. Bu söhbetdeşlik çäresi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy mynasybetli geçirildi. Çärede çykyş eden ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sammitde öňe süren anyk teklipleri, eziz Diýarymyzyň daşary syýasatda öňde goýýan aýdyň maksatlary, olardan gelip çykýan wezipeler, gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.