Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Ekologiýa syýasaty we daşky gurşawyň abadançylygy – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» atly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň daşky gurşawa, tebigatymyza, ekologiýa medeniýetine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu çärä ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglyk we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ählihalk ýowarlaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilikdigi, döwletli tutumlara goşulyşmak ýaşlary her bir işde ruhlandyrýandygy dogrusynda, şeýle hem bu babatda, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize nusgalyk görelde bolup durýandygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowarlaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermegi ýaşlar üçin mynasyp çagyryşdyr.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.