Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň medeniýet müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Wepalylygyň we mertligiň belent nusgasy» atly surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň döredijilige çuňňur aralaşmagyny gazanmak, şekillendiriş sungatynyň üsti bilen hünär taýýarlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmaga höwes döretmek, şeýle-de, türkmen alabaýynyň baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatyň adybir şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary öz eserleri bilen gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.