Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen alabaýyny çeperçilik sungatynda wasp etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde talyplar öz çeken suratlarynda milli buýsanjymyz bolan alabaýyň keşbini, halkymyzyň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini çeper beýan etdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, 1-nji orna 1-nji ýyl talyp Züleýha Jumaniýazowa, 2-nji orna 1-nji ýyl talyp Dünýägözel Ýusupowa, 3-nji orna 1-nji ýyl talyp Mamagül Matyýewa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çynar MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher geňeşiniň bölüm müdiri.