HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY

Düýn – 4-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny ýazyp, tamamlandygyny aýtdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi. Biz ony «hemişelik Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.

Halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de öz taryhynyň bütin dowamynda emele gelen iň bir kyn meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.

Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde biz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen üstünlikli amala aşyrýan özara bähbitli, parahatçylyk söýüji we dostlukly gatnaşyklarymyzyň ykdysadyýetimizi berkitmäge, Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berendigini görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Men bu aýdylanlaryň ählisini şol kitapda beýan etmäge, türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze kitabyň gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirip, bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgat boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Bitaraplyk baýramyna çenli galan wagtyň içinde bu kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirip biljekdiklerini aýtdy.